Çäreler

Ýelken ýaht-klubynyň onlarça desgalary her islegiňize görä lezzet doly mekanlary bilen üzniksiz güýmenjeleri we sport çäreleri Size hödürleýär.Ýelkenden we ýahtalardan peydalanmak üçin amatly ýagdaý döredýän hyzmatlar, açyk sport meýdançalaryň we
motorly suw sportlarynyň mümkinçilikleri bilen üzniksiz şatlyk Size garaşýar. Sportda arakesme bereniňizde, Size lezzet berjek 16 dürli naharlanma ýerleri we hem dynç alyş, hem-de güýmenje üçin her ýaş toparyna görä aýratyn ýerler desgany yaşaýyş toplum merkezine öwürýär.


Ahli gurnamalar

Plýaždaky Çäreler


Ýelken ýaht-kluby, Dünýäniň iň uly köliniň Günini we 1 km aralykda ýer alýan aýratyn plýažy bilen deňziň aşagynda taýsyz dynç alyş Size hödürleýär. Güniň dowamynda hödürlenýän naharlar, içgiler, elsüpirgiçler, şezlonglar we ýassyklar bilen aýratyn syzdyryp biljek amatlylyklar Size garaşýar. Bir ýerden başga bir ýere geçmek üçin golf maşynlary we tigirler bilen üpjün edýän bu desga, plýaždaky ýoga bilen stressiňizden Sizi boşadyp, plýaždaky woleýbol, kano we tandem kärendä almak hyzmatlary bilen Sizi güýmenjelere çagyrýar.


Ýahtalar Duralgasy


Türkmenistanda ilkinji ýahtalar duralgasy 40 ýahta hyzmat etmek üçin niýetlenendir. Döwrebap enjamlary we ýokary hilli hyzmat edişi bilen ýahtalar üçin ideg we bejeriş  mümkinçiliklerini hem hödürleýär. Desgada  24 işgärden ybarat topar bolar we 2013-nji ýylda öndürilen Beneteau kysymly ýahtalar ulanylýar.

Hyzmatlar
  • Özi hereket edýän kran, gämi ussahanasy
  • 24 sagat urgan
  • Hapa suwlary-tryum boşatma ulgamy
  • Deňizde baglama
  • Ýangyç maddalar boýunça hyzmatlar
  • Howpsuzlyk
  • Ýelken okuwy
  • Tehniki bejeriş
  • Kafe
  • Kabelsiz internet

Ýaht Kärendä Alam We Tehniki Aýratynlyklar Bahalaryň Sanawy

Motorly Suw Sportlary


Suw sportlarynyň merkezi, çagalara, ýaşlara, maşgalalara we üýtgeşik duygulary ýaşamak isleýänler üçin  tomus boýunça hyzmatlaryny hödürleýär. Giň meýdana eýe bolan bu desga iň täze deňiz enjamlary bilen hyzmat edýär.

Hyzmatlar
  • Jet ski kärendä almak
  • Parasailing bir ýa-da iki adamlyk kärendä almak
  • Suw gaýygy, Wakeboard kärendä almak we okuw
  • Banana 8 adamlyk, Ringos, Flyfish, Sonar (kanepe) 4 adamlyk güýmenjeler
  • Katerde gezelençler

Bahalaryň sanawy

Ýelken Okuwy


Geljekde üstünlikli türgençleri taýýarlamak maksady bilen gurlan Ýelken okuwynyň hünärmenleri 8-14 we 14-17 yaşyndaky ýaşlara ýyl boýunça 900 ABŞ dollaryndan başlaýan bahalar bilen ýelken okuwyny Size hödürleýär.

Hyzmatlar
  • Bir adamlyk aýratyn dersler
  • Topar sapaklary
  • Hepdelik ýa-da hepdäniň soňunda lager guramaçylygy
  • Fun Regatta (Ýelken çapyşyklary boýunça ýaryş)
  • Team Racing (Topar ýaryşy)

Windsörf Mekdebi


Geljekde üstünlikli türgençleri taýýarlamak maksady bilen gurlan Windsörf okuwy tomus boýunça 10 adamdan ybarat topary bilen 6 dilde hyzmat edýär. 900 ABŞ dollaryndan başlaýan bahalar bilen windsörfe ilkinji ädimleri atmak we bir adamlyk aýratyn derslerde ýokary derejeli tälim almak mümkinçiligini berýär.

Hyzmatlar
  • Windsörf okuwy (Başlangyç, orta, ýokary)
  • Windsörf enjamlaryny kärendä almak (Ähli derejelerde)
  • Windsörf dabaralary (Windsörf çäreleri, agşamlary, Windsörf ligasy)
  • Windsörf Çagalar lageri (8-11, 12-15, 16-18 ýaşyndaky toparlar)
  • VDWS ýokary dereje windsörf dersi
  • Freestyle okuwy
  • Ahli derejeler üçin bir adamlyk aýratyn dersler

Windsörf Kärendä Almak


Desga, Starboard ýa-da Sewerne görnüşli tramplinleri (board) we windsörfi gowy görýänler üçin kärendä almak boýunça öz hyzmatlaryny Size hödürleýär. Enjamlary kärendä almak üçin +993 122 359 51 telefon belgisi ýa-da reservation@yelkenyahtkluby.com elektron mailiň üsti bilen biziň bilen habarlaşyp bilersiňiz.


Bahalaryň Sanawy

Başga Hyzmatlar


Ýelken ýaht-kluby, her bir islegiňize  jogap berýän lezzet doly mekanlary, güýmenjeleri we sport görnüşlerini Size hödürleýär

Hyzmatlar