Spa

Ýelken ýaht-klubynda Lezzetler Jennedine Hoş geldiňiz. Ýelken Spa Merkezi ýokary derejeli hyzmatlary bilen taýsyz gözellik (ýüz we beden üçin) idegleri size hödürleýär.


Spa Aýratynlyklar
  • Aýratyn duşly üç sany prosedura otagy
  • Myhmanlar üçin erkek we aýal Finlýandiýa hammamy
  • Gidromassažli howuz
  • Türkiýe hammamy
  • Bug otagy

Detallar

Gözellik İdegi

Sow Otlary Bilen Sarama

Sag, ýylmanak we ýaş derä eýe bolarsyňyz. Suw oty, metabolizmiň işleýşini çaltlandyryp, bedenimize zerur bolan ýody, magniýi, kaliýi we kremniýi öz içine alýar. Deňiz suwy bilen birleşen ýagdaýynda, syworotka hökmünde metabolizmi gowulandyrmakda ýardam edýär. Laminariýanyň özüne siňdirýän peýdaly maddalary we duzlara baý suwy deri bilen galtaşanda, duzlaryň bir bölümi derä dem aldyrar, suwuklygyň galyndylary bolsa munuň tersine deňiz suwy bilen deriden alynýar. (60 minut)

Bal Bilen Sarama

Tebigy häsiýetleri saýasynda iň täsirli sarama prosedurasy hasaplanýar. Bal A, C, H, E witaminlerini, şeýle hem antioksidanlary, minerallary, fermentleri, aminoasitleri we adam üçin peýdaly başga maddalary öz içine alýar. (80 minut)

 

Ýelken Massažlary

 

Gyzgyn Massaž

Size taýsyz we täze duýgulary peşgeş berer. Myşsalardaky dartgynlylygy azaldýar, gan aýlanyşyny we metobalizmi gowylaşdyrýar. Seansyň dowamynda gyzgyn daş massažy edilýär, soňra bolsa gan üçin peýdaly daşlar bedeniňiziň belli bir nokatlara goýulýar. Hünärmenlerimiz adaty massažy Ýelken SPA Merkezi tarapyndan hödürlenýän gyzgyn daş massažy bilen bile edip bilýärler.  (60 minut)

Şwesiýa Massajy

Bu massaž adam bedenini janlandyrmak üçin ähmiýetli. Sizi uky almazlyk, apatiýa ýa-da ysgynzyslyk ýaly duýgulardan halas edip, energiýa bilen üpjün edýär. Ünçi bir ýere jemlemede, irden turmakda kynçylyk çekýän bolsaňyz, wagtal-wagtal gaharlanýan bolsaňyz we iş güýjiňiz azalýan bolsa hökmany suratda bu massaži synap görmegiňiz gerek. (60 minut)

Relax Massažy

Şwesiýa we Bali massažlarynyň tehnikalaryny, şeýle hem "Aromokologiýa" esasyndaky Hytaý akupunkturasyny (nokatly massaž) öz içine alýan massaž myşsalaryň şekilli bolmaklary bilen üpjün eder we Sizi ýadawlykdan boşadar. (40 minut)

Skrabli Massaž

Deriniň gury öýjüklerini atmak üçin niýetlenen. Oňat netijäni almak üçin 12 seansdan ybarat sagaldyş döwründen geçmäňiz gerek. Deriniň problemaly zolaklary aradan aýyryp, deriňiziň maýyşgak, siluetiniň has hem çekginli bolmagyny üpjün edýär. (40 minut)

Sport Massažy

Aromatherapy Massažy

Baş Massažy

 

Gözellik Masgalary 

Yüz masgasy, boyun masgasy, gözüň aşagynyň masgasy, gözüň töweregi masgasy, dodak masgasy, dodak töweregi masgasy, burun masgasy, göwüs bejeriş magasy. 

 

Gözellik Hyzmatlary

Idelgeler we gözellik otagymyzda müşderilerimize täze idelge enjamlary we özboluşly kosmetiki önümler iň professional derejede amala aşyrylýan we proseduralar hödürlenýär. Her bir müşderimize ýokary derejede hyzmatlar edilýar we ýakyndan üns berilýär. Şeýle hem deri görnüşine görä idelge meýilnamasyna saýlap alan hünärmenlerimiz Siziň hyzmatyňyzda.

Ýüz Massažy: Gözellik idelgeleriniň iň wajyp proseduralardan biri. Ýüz massažy metabolizmi we kag aýlanyşyny gowylaşdyrýar, metabolizm önümleriniň boşadylmagyny aňsatlaşdyrýar. Massaž saýasynda deriňiz dem alýar, şeýlelikde ganyň durmasyny öňüni alýar. Myşsalary we dokumalary gatylaşdyrýar, deriňiz ýylmanak, ýaş we maýyşgak häsiýetlere eýe bolýar. (25 minut)

Ýüz Masgalary